BIZE YAZYARLAR

Kämillige ýeten sungat

Goçy şekillendirmek türkmen halyçylarynyň gowy görýän döredijilik işidir. Özem bular özge halklaryň sungatyndaky ýaly, tebigat­da bolşy ýaly suratlandyrylanok. Eýsem, türkmen haly, nagyş hem zergärçilik sungatynyň milli däplerine laýyklykda, stilleşdirilip alynýar, ýagny dürli burçly çyzyklar, şekiller, nagyşlar görnüşinde, nagyş stiline salnyp şekillendirilýär. Onuň hem sebäbi nagşyň biraz üýtgänligi sebäplidir. Geçen asyryň ellinji, altmyşynjy ýyllarda «H» harpynyň ýokarsy biri-birinden sähelçe kiçidi, oňa «atyň şekili» diýýärdiler. Bu gün ylmy hem taryhy nukdaýnazardan ol hakykatdan hem atyň şekili bolmaly. At gadymy skif-sak-oguz rowaýatlarynda wagty aňladypdyr.

Günüň şekilini alamatlandyrýan «gölçe» dört reňkde berilýär. Özem olar dört reňkli atyň mysalynda hala çitilýär. Dört reňk bir günüň dört pursadyny ertir, öýlän, agşam, gije, bir ýylyň dört paslyny bahar, tomus, güýz, gyş aňladýar. Bu aňlatmany biz «Görogly» eposynda hem görýäris. Jygaly beg agtygy Görogly bilen ata artlaşyp Hüňkaryň kowgusyndan gaçýar. Ilki al atly olaryň yzyndan ýeteňkirläp ugraýar. Al atly bu ýerde wagt manysynda agşam şapagyny aňladýar. Soň gara dor at kowup başlaýar. Gara dor at — gijäniň alamatlandyrylmasydyr. Soň gara dor at yza galyp, boz at Görogly dagynyň yzyndan ýeteňkirläp ugraýar. Boz at bu ýerde daňdanyň alamatydyr. Kowgynyň soňunda boz at yza galyp, gyr at öňe saýlanýar. Gyr at — gündizi aňladýar. Halynyň dörtburçly bolmagy gadymy ata-babalarymyzyň dünýäni dörtburçluk görnüşinde göz öňünde getirendikleri üçindir. Bu düşünje gadymy müsürlilerde-de bolupdyr. Pederlerimiz ýaşaýan mekanlaryny, oba-kentlerini dünýäniň has kiçeldilen bir görnüşi hasaplapdyrlar. Öýüň çagarygy asman gümmezine meňzeşdir, tärimler ýer bilen asman arasyndaky şöhleleri alamatlandyrýandyr. Gadymy türkmeniň gara öýleri üç gatlakly dünýäniň gurluşyna esaslanyp gurlupdyr. Öýüň çagarygy asman gümmezine meňzeş edilipdir.

«Näme üçin türkmen halysy şunça geçen wagtyň içinde üýtgemä sezewar edilmändir?!» Onuň sebäbi şudur: haly öz çäklerinde kämilligiň iň ýokary derejesine ýetirilen. Şonuň üçinem ony üýtgetmek mümkin däl. Haly babatda-da edil şeýledir. Haly hem oguz pederlerimiziň älemiň gurluşy hakdaky taglymatydyr. Haly edil türkmen nusgawy şygry, nusgawy dessany we nusgawy mukamlary ýaly gutarnykly sungatdyr. Bulary täzeden döretmek mümkin däl. Sebäbi olary döretmeli we kabul etmeli türkmen ruhunyň özi indi başga ruh. Ruhuň küýsegleri we hajatlary başga. Olary täzeden döretmek araba bäşinji tigri goýmakdyr

Haly  ata-babalarymyzyň ýaşaýşy barada ýazyp giden beýik akylnamasy bolup görünýär.

Akjagül Allakowa,

Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: