BIZE YAZYARLAR

Saglygyň gözbaşy

Dertden sagaljaklygyna bolan ynam ynsanyň ganaty.

Ilki bilen näsag şol düşünjäni aňyndan aýyrmaly we beýnimizdäki ýaramaz pikirlerden saplanmaly. Şol bir wagtda ýaşamaga güýçli islegiň bolmaly. Bedeniňe ýygnanan dürli galyndylardan arassaklanmagyň aladasyny etmeli.  Şeýle edilse, bedenden ýaramaz jisimler we mörjewler ýok bolup gider.

Adamlar gaharlansalar, olaryň ýüzleri gyzarýar, gaty gorksalar ýüzleri agarýar, aladaly bolsalar, ýüzleri salyk bolýar, aýalary çygjaryp, dyzlary titräp başlaýar. Bularyň bary aňyň bedene edýän täsirindendir.

Adam özüniň söýülýändigini duýan wagty onuň bedeninde ak gan öýjükleriniň mukdary artýar, gan damarlarynda bolsa, agyry bilen göreşmäge ýardam edýän gormonlar peýda bolýar. Şeýle ýagdaýda adamyň haly düýpli özgerýär. Söýgi diňe sagalmakda däl, saglygy gorap saklamakda hem uly ähmiýete eýedir. Adamlaryň köpüsi özlerini söýmeýändiklkleri üçin nähoşlaýarlar. Elbetde mähir, söýgi her birimize elýeterli zatdyr. Oňa mynasyp bolmagyň ýeke-täk ynamly usuly bardyr.

Biz söýgä haçan mynasyp bolýarys? Haçanda özümiz töweregimizdäki adamlara mähri we söýgini paýlanymyzda. Adam haýsydyr bir ýagşy, peýdaly iş edende ýa-da kimdir birine ýylgyranda, oňa-da şeýle jogap, mähir gaýtarylýar. Şonda adam özüni erkin we şähdaçyk duýýar. Biz adamlara näçe köp ýagşylyk etsek, şol hem bize artygy bilen dolanyp gelýär. Näçe mähri-söýgi bildirsek, şonça-da özümizi oňat duýarys. Hakyky söýginiň ýeňip bilmejek hiç bir kynçylygy ýokdur. Söýgi ähli gapylary açyp bilýänähli deňizleri ýüzüp geçip bilýän, ähli günäleri ýuwup bilýän, dertleri bejerip bilýän güýçdür. Söýgä mynasyp bolmak üçin söýmegi başarmaly.

Adam ulag däl. Biz diňe bir süňklerde we etden ybarat däl. Biz ruha eýediris. Ol bolsa himiki elementlerden we molekulalardan has möhüm zatdyr. Biziň ählimizde bedenden ileri tutulýan ruh ýaşaýar. Nirede ynam bar bolsa, şol ýerde ýaşaýyş bar. Ol islendik meseleleriň çözgüdidir. Deňziň düýbünde ýaşap, Gün şöhlesini görmedik  balyklara göz gerek bolmaýanlygy üçin, olaryň kör bolýanlygy hemmä  belli zat. Diňe süýt önümlerini iýip oňýn çagalaryň dişlerio wagtyndan öň düşüp, olar dişsiz galýarlar. Olaryň käbirine diş asla çykmaýar. Şonuň üçin tebigatyň akyl-paýhasyna gulak asmaly. Maşgala adam gylyk-häsiýetiniň çagalykdan taplanyp başlanýan ussahanasydyr. Şonuň üçin maşgala bolup tebigatyň gözel künjeklerine gezelenç etmeli. Mylaýym, näzik, giň, ajaýyp tebigatdan başga hiç bir zat adam duýgularyny sazlaşdyryp bilmez. Ynsan bedeni juda çylşyrymly ulgam. Ol öz-özüni arassalamag we bejermäge ukyply, ýöne oňa päsgel bermeli däl. Dünýä meşhur hünärmenleriň getirýän maglumatlaryna görä, 20 adam düwnük keselinden ejir çekip, agyr ýagdaýa düşenlerinden soň, gowy emosiýalaryň kömegi bilen şol keselden halas bolmagy başarypdyrlar. Olar ýagdaýlaryny ruhubelentlik ýoluna gönükmek, kesellerinden gutuljaklygyna ynanmak, durmuşlaryny mannylaşdyrmak, söýgi oduna täzeden tutaşmak ýaly güýçli duýgulardan peýdalanypdyrlar.

Ogulşat Röwşenowa,

Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: