BIZE YAZYARLAR

2022-nji ýylyň iň abraýly 100 kompaniýasy kesgitlenildi

 Dünýäniň iň abraýly 100 kompaniýasynyň reýting-sanawyny ilkinji gezek geçen ýyl düzen «Time» (Wagt) amerikan žurnaly bu däbi 2022-nji ýylda-da dowam etdirdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, sanawa «öňe barýan möhüm ýoly kesgitlemäge kömek edýän» kompaniýalar girizildi. Kompaniýalara aha berlende, işjeňlik, täsir galdyryjylyk, innowasion täzelikler, halkara bazardaky üstünlikler ýaly aýratynlyklara seredildi. Ýöne ilkinji 100-lükdäki kompaniýalaryň bäş ugra bölünendigini hem aýtmak gerek. Her ugurda 19-dan 22-ä çenli kompaniýa bar.

Aktrisa Mindi Kalinge degişli bolan Kaling International amerikan mediakompaniýasy «Ilkinjiler» ugrunyň başyny çekýär. Bu ugurdaky abraýly kompaniýalaryň hatarynda «Axiom Space», wirtual hakykat bilen onlaýn oýunlary dörediji «Rec Room» kompaniýalary bar.

«Hybe» «Liderler» ugrunyň başyny çekýän kompaniýa boldy. Ýakynda «Barselona» bilen stadionyň ady babatynda şertnama baglaşan «Spotify» aýdym-saz platformasyny hem şu sanawda görýäris. Şeýle-de, «Airbnb» hyzmat gullugy, «Alaska Airlines» awiakompaniýasy, «Sony» elektron korporasiýasy, «Balenciaga» moda brendi, «Reddit» jemgyýetçilik tory, «Revolut» maliýe tehnologiýa kompaniýasy we «Sotheby’s» bäsleşikli söwda öýi «liderleriň» hataryna goşulypdyr.

«Innowatorlar» ugrunyň birinji ornunda pikap elektromobillerini öndüriji «Rivian» kompaniýasy ýerleşdi. Sanawda «Moderna» biotehnologiýa kompaniýasy, «Peanut» jemgyýetçilik ulgamy, emeli intellektiň kömegi bilen iňlis dilinde ýazgy ýazmaga kömek edýän «Grammarly» hyzmat ulgamy, «Perfect Day» kompaniýasy hem-de kameralary we akylly öý üçin gurluşlary dörediji «Wyze» kompaniýasy bar. 

ABŞ-nyň iň uly kompaniýalarynyň biri «Amazon» «Ägirtler» ugrunyň başyny çekýär. Şeýle-de, sanawda «Pfizer» farmasewtik kompaniýasyny, «Ups» eltip berme hyzmatyny, «Google»-iň esasy kompaniýasy bolan «Alphabeti», «Apple» we «Microsoft» korporasiýalaryny, «United Airlines» awiakompaniýasyny, «Ford» awtomobil öndürijisini, «Disney» mediakompaniýasyny, «Netflix»-i, şeýle-de lomaý we ownuk söwda tory bolan «Walmart»-y görýäris.

Sanawyň bäşinji we iň soňky ugry bolan «Ýumrujylaryň» başyny «Engine No.1» maýa goýum kompaniýasy çekýär. Onuň yzyndan AMC kinoteatrlar tory, Hytaýyň «TikTok» jemgyýetçilik tory, «Shein» onlaýn reteýleri we «NSO Group» gelýär.

Şöhle JUMAÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: