BIZE YAZYARLAR

Üzüm ― düzüm-düzüm saglyk

Irki zamanlarda üzüm hoşasynyň şekili bol hasylyň nyşany hasaplanypdyr. Muňa biz 1948-nji ýylda belli arheolog Masson tarapyndan Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan keramiki diwarlyklaryň böleklerinde çekilen üzüm hoşalarynyň şekilleri hem-de üzümçilik barada daşa ýazylan salgyt resminamalary arkaly hem göz ýetirip bilýäris.

Gadymy döwürde keramika ýazylan we biziň şu günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndynyň böleklerinde Gyýagamyş atly bir ýigide patyşa baky ýaşaýşyň dermanyny tapyp getirmegi buýurýar. Gyýagamyş dünýäniň köp bölegini aýlanýar. Bir gün çöl içinde suwsuz tapdan düşýär we özünden gidýär. Şonda bir kepderi gelip, çüňkünde suw daşap, ýigidi aýak üstüne galdyrýar. Soň guş Gyýagamyşa çüňkünde saklap ýören bir dänäni berýär hem-de adam dilinde gürläp:

— Şu dänäni ek. Onuň hasyly seniň gözleýän zadyňy berer — diýýär-de, uçup gidýär. Gyýagamyş bolan wakany birin-birin patyşa gürrüň berýär. Dänäni ekýärler. Ondan burum-burum şahly bir daragt ösüp kemala gelýär. Bu kemala gelen daragt gadymyýetde dünýäniň ýedi täsinlikleriniň biri bolan «Babylyň asma baglary» adyny alýar. Ol daragt üzüm ekeni.

Magtymguly Pyragynyň «San bolsam» diýen şygrynda «Dertliler alnynda men lukman bolsam» diýen setirlerinde agzalýan Lukman Musa pygamber döwründe ýaşap geçipdir.

Lukmanyň abraýy artyp, maşgalaly bolup, il derdine ýarap ýörkä, ony ýurduň patyşasyna ýamanlaýarlar. Patyşa Lukmany ýok etmek üçin ilki iki ogluny yzly-yzyna kyrk gulaç çuňlukdaky gurruk guýa atdyrdypdyr. Lukman hem özüne şeýle wakanyň garaşýanyny bilip, guýa örän kän üzüm oklaýar. Bir hepdeden soň, patyşa Lukmanam guýa okladyp, guýynyň hem agzyny ýapyp, gum düşelip, guýuly meýdana hem bugdaý ekdirýär. Kyrk ýyldan ol patyşa tagtdan gidenden soň, ýerine başga bir patyşa gelýär. Şonda bir goja kişi Lukmanyň guýa atylanyny, ýöne öňünden onuň guýa kän üzüm atandygyny, nesibede bolsa onuň diri bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar. Patyşa guýyny gözledip tapdyrýar we ony açdyrýar. Lukmanyň iki oglunyň, özüniň agyr halda ýatandygyny görýärler. Il arasynda dowam edýän bu tymsal Nasreddin Rabguzynyň «Kyssasy Rabguzy» diýen (Kyssasyl enbiýa) kitabynda hem beýan edilýär.

Il arasynda «Üzüm iýseň, çöpi bar» diýen nakyly durmuşda örän köp ugurlarda, manylarda teswirleýärler.

Ir zamanlarda bir dul aýal çül- çaga ekleýän eken. Olaryň bir düýp üzümi bolup, örän bol miwe getirip, çagajyklar iýýän eken. Zenan bolsa olardan artanyny kişmişlik serýän eken. Şol zenana göriplik edip, bir adam ýekeje düýp üzümem oňa köp görüp, bir gije ähli hasyly ýygyp gidýär. Zenan we çagajyklary gaty gynanýarlar. Emma üzüm ogurlan bir hoşa üzümi iýip otyrka, üzümiň bir çöpi kiçi diliniň düýbüne sünjülýär. Ony tebipler hem aýryp bilmeýärler. Iýmek-içmek beýle-de dursun, soňa-baka bokurdagy çişip, demi gelmegi-de kynlaşyp başlaýar. Onsoň bir akylly tebip: «Sen bu üzümi halallap iýmedik bolaýma» diýýär. Ol kişi wakany bolşy ýaly aýdýar. Tebip:

— «Kişiniň haky, betbagtçylygyň oky» diýipdirler. Sen üzümiň ähli bahasyny ber, ýetim çagalary we zenany razy et — diýýär. Bokurdagy çöpli adam zenany razy edenden soň, şeýle bir içigip ögäp başlaýar we çöp atylyp çykýar. Şondan soň, il arasynda «Üzüm iýseň, çöpi bar» diýen atalar sözi ýaýrapdyr.

Il arasynda «Üzüm iýseň garasyny iý, et iýseň şarasyny» diýen nakyl hem bar. Gara üzüm adamyň bagryny arassalap, ganyny köpeldýär eken. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik köp jiltli ylmy kitaplarynda hem üzümiň ynsan saglygyna peýdasy hakynda nygtalýar. Abu Aly ibn Sina, Muhammet Gaýmaz Türkmen we ýene birnäçe hekimler üzümiň peýdasy barada ýazypdyrlar.

Gadymyýetde Parfiýa döwletinde ýetişdirilen üzümleriň şöhraty dünýä ýaýrapdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki III — II asyrda hytaýly jahankeşde An Su «Nusaýyň üzümini iýen adam, ömrüniň uzandygyny duýar» diýipdir.

Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen üzüminden taýýarlanan önümler (çakyrlar we üzüm şireleri) halkara festiwallarydyr ýarmarkalarynda altyn, kümüş medallara eýe boldy.

Häzirki döwürde alymlar tarapyndan ykrar edilip, üzümiň dänesinden garramagyň öňüni alýan, uzak ýaşamaga ýardam berýän dermanlaryň öndürilip başlanandygy farmokologiýa ylmy bilen meşgullanýanlara tanyşdyr.

Gyzlarbeg JORAÝEWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: