YKDYSADYÝET

Ýylyň başyndan bäri tebigy gazyň öndürilişi artdy

«Lebapgazçykaryş» müdirliginde geçen bäş aýda tebigy gazyň 5,1 milliard kub metre golaýy alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 140%-e golaý boldy.
Diňe geçen aýda «mawy ýangyjyň» 907 million kub metri öndürildi. Alynýan çig malyň aglaba bölegi Hytaýa ugradylýar.
Guýularyň düýpli abatlanylmagy tebigy gazyň alnyşyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Müdirligiň hünärmenleri geçen bäş aýda hereketsiz duran guýularyň 17-sini abatladylar. Bu işler Malaý, Kerpiçli, Kükürtli we beýleki gaz ýataklarynda ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: