DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji ýeri eýeledi

«Amazon» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos baýlygy boýunça LWMH-iň (Louis Vuitton Moet Hennessy) baş direktory Bernard Arnaultdan öňe geçdi we «Bloomberg milliarderler indeksiniň» düşündirişine görä, dünýäniň iň baý adamlaryň sanawynda ikinji ýeri eýeledi.

Maglumatlara görä, «Bloomberg» Arnaultyň baýlygyny 156 milliard dollar diýip çaklaýar. 2023-nji ýylyň iýul aýynda Bezos iň baý adamlaryň sanawynda «Tesla», «SpaceX» we X (öňki Twitter) kompaniýalarynyň eýesi Ilon Maskdan we Bernard Arnaultdan soň üçünji orny eýeleýärdi. Şol döwürde onuň baýlygy 154 milliard dollara deňdi.

Iýul aýynda «Bloomberg» Arnaultyň baýlygyny 200 milliard dollar diýip çaklady, ýöne häzirki wagtda 155 milliard dollara deňdir.

Maskyň umumy baýlygy iýul bilen deňeşdirilende üýtgemedi ― 234 milliard dollar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: