JEMGYÝET

«Jeyhun.news» ABŞ-nyň 247 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

«Jeyhun.news» habarlar portalynyň wekilleri düýn Aşgabat şäherinde ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisiniň rezidensiýasynda ABŞ-nyň Garaşsyzlygyň 247 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäresine gatnaşdylar. Bu çäräniň hormatly myhmany bolmak üçin portalyň redaksiýasyna çakylyk hatlary gelip gowuşdy.

ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, hökümet wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýerli işewürler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow öz çykyşynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda 31 ýylyň dowamynda gurlan hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny aýtdy. «Biziň hyzmatdaşlygymyz gadymy Ýüpek ýolunyň medeni ýadygärliklerini dikeltmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny ösdürmek we esasan hem adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek maksady bilen alnyp barylýar» diýip, ABŞ-nyň ilçisi nygtady.

Bu ýylky dabara «American West» mowzugy bilen geçirilip, ol furşet we Amerikanyň meşhur aýdymçysy, aýdym ýazyjysy Jeffri Stiliň çykyşy bilen dowam etdi.

Ýeri gelende aýtsak, «Jeyhun.news» Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasy tarapyndan Lebap welaýatynda amala aşyrylýan işleriň ilkinji beýan edijisidir. Şu ýylyň baharynda Türkmenabat şäherinde geçirilen ekofestiwalda ilçi Metýu Klimow portalyň habarçysyna ýörite interwýu hem berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: