JEMGYÝET

Aşgabatda Türkmenistanyň telekeçileriniň önümleriniň sergisi geçiriler

Şu ýylyň 17 — 23-nji marty aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň telekeçileriniň önümleriniň we ýeten sepgitleriniň sergisi guralar. Ol ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna gabatlanylan çäreleriň çäginde guralar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurda iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem, bu senä gabatlanan maslahatda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan täze wezipeler, hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hususy ulgamy ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: