JEMGYÝET

Aşgabatly artistler Türkmenabat şäherinde döredijilik saparynda boldular

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň artistleri hem Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenabat şäherinde döredijilik saparynda bolandyklary barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

«Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen konsertde Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ahmet Atajanow, Eldar Ahmedow, meşhur estrada aýdymçysy Söhbet Kasymow dagylar we beýlekiler çykyş etdiler. Olar tomaşaçylara özleriniň döredijilik ýoly, geljekde meýilleşdirýän iş;eri barada gürrüň berdiler, tomaşaçylaryň soraglaryna jogap berdiler. Paýtagtda gelen wäşiler degişme sahnalaryny görkezdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: