LUKMANÇYLYK

Geljekki lukmanlar tejribelikde

Şu günler welaýat köpugurly hassahanasynda we etrap hassahanalarynda Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary amaly-okuw tejribe sapaklaryny geçýärler.

Okuw rejesine laýyklykda talyplara tomusky tejribe sapaklaryny ýokarda agzalan lukmançylyk nokatlarynda geçmek bilen, tejribeli hünärmenlerden sapak almak mümkinçiligi hem döredilýär. Hassahanalarda tejribe sapaklaryny geçýän talyplar bejeriş-maslahat beriş, näsaglaryň kesel kesgidini seljermek ýaly birnäçe işleri amala aşyrýarlar. Bulardan başga-da, olar tejribeli hünärmenler bilen çylşyrymly operasiýalara we bejergilere gatnaşyp, öz tejribelerini artdyrýarlar. Häzirkizaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, oňaýly şertlerde tejribe-okuw sapaklaryny geçmek talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga hem uly ýardam berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: