JEMGYÝET

«Istärin» filmi «Tomaşaçylar tarapyndan iň halanan film» atly halkara baýraga mynasyp boldy

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygy Arslan Eýeberdiýewiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Istärin» filmi «Tomaşaçylar tarapyndan iň halanan film» atly halkara baýraga mynasyp boldy. Bu baýrak Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň ýapylyş dabarasynda gowşuryldy. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň döredijilik topary festiwalyň guramaçylarynyň «Türki halklaryň medeniýetine goşýan goşandy üçin» atly ýörite baýragyna hem mynasyp boldy.

Bu halkara kinofestiwalyna 20-ä golaý döwletden kinorežissýorlar, artistler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar we olara ýörite baýraklar, şol sanda festiwalyň çäginde geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan filmlere baýraklar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: