JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda metjit gurlar

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň merkezinde ýanynda sadaka bermek üçin jaýy bolan 300 orunlyk täze metjit gurlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow düýn geçiren iş maslahatynda Döwletli şäherçesinde metjidiň we sadaka jaýynyň gurulmagy baradaky teklibi makullady we bu ugurda halkyň islegine görä degişli işleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Döwletli etrabynda häzir ilatyň dini borçlaryny berjaý etmegi üçin namazhanalaryň 10-sy bar. Täze metjidiň we sadaka jaýynyň gurulmagy bolsa olaryň üstüni ýetirer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: