JEMGYÝET

2022-nji ýyldan türkmen gazet-žurnallarynyň elektron görnüşi tölegli bolar

Türkmen döwlet neşirýat gullugy gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşlerini ulanmak hem-de ýükläp almak boýunça hyzmatlary tölegli esasda ýola goýmak ugrunda iş alyp barýar. Öň, elektron görnüşleri ýükläp almak mugt amala aşyrylýardy. Bu barada gullugyň resmi saýty habar berýär.

Abuna esasynda turkmenmetbugat.gov.tm saýtyndan hem türkmen metbugatynda neşir edilen makalalary ulanyp bolýar. Bu saýtda her bir material aýratyn neşir hökmünde ýerleşdirilýär.
Şol bir wagtda TDNG-niň saýtynda türkmen gazet-žurnallarynyň elektron görnüşlerini diňe PDF formatda ýükläp alyp bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: