Islandiýa Ýewropa ýurtlarynyň arasynda birinji bolup koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen ähli çäklendirmeleri aýyrdy. Bu barada ýurduň hökümetiniň resmi saýtyna salgylanmak bilen, «mail.ru» habar berýär.
Çäklendirmeler 2020-nji ýylyň martyndan girizilipdi, ýöne 2021-nji ýylyň iýunynyň ahyryna çenli «COVID-19»-yň garşysyna sanjymlaryň hiç bolmasa birinjisini Islandiýanyň uly ýaşly raýatlarynyň 87 göterimi aldy, 60 göterim töweregi bolsa doly sanjyldy, diýip hökümet habar berdi.
indi islandiýalylara agyz-burun örtügini dakynmak we howpsuzlyk aralygy saklamak hökman däl. Ondan başga-da, ýygnaklary geçirmäge bolan gadaganlyk hem aýryldy.
Jonson Hopkins uniwersitetiniň (ABŞ) taslamasynyň maglumatlaryna görä, Islandiýada pandemiýa başlany bäri 6555 adamda koronawirusy ýüze çykarypdyrlar, olaryň diňe 29-y aradan çykypdyr. Islandiýanyň ilatynyň sany 370 müňden azyrak.
Islandiýa koronawirus bilen bagly ähli çäklendirmeleri aýyrdy
28
Jun

