Näme üçin Santa-Klaus?
Dünýä belli «Coca-Cola» kompaniýasynyň üstünden täsin bir şikaýat düşdi. Russiýanyň Tomsk şäherinde ýaşaýan Denis Amosow kompaniýany mahabatyndaky Santa-Klaus üçin kazyýete şikaýat etdi.
Onuň pikirine görä, «Coca-Cola»-nyň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky mahabatlarynda Santa-Klausy görkezmegi çagalarda «Täze ýyldaky bagt «Coca-Cola» we Santa-Klaus arkaly gelýär» diýen düşünjäni döredýär. Bu bolsa olaryň aňyndan Aýazbaba we Garpamyk hakyndaky düşünjäniň aýrylmak howpuny döredip biler. Şonuň üçin russliýaly ýaşaýjy bu mahabatyň ýaş nesillere ýaramaz täsir edýändiginiň tarapdary.
― Biziň çagalarymyz häzir hem ertekilerdäki gahrymanlarymyz bilen doly tanyş däl. Bu mahabat bolsa galanja aralygy hem aradan aýyrýar ― diýip, Denis delillendirýär.
Eger kazyýet Denisi hakly hasaplasa, kompaniýa oňa 30 million rubl tölär.