Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy
Türkmenabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýünde» Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy.
Medeniýet hepdeligi her ýyl welaýatlaryň birinde ýa-da Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bu ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreler Lebap welaýatynda guraldy. Medeniýet hepdeligine 22-nji iýunda badalga berildi. Onuň dowamynda şanly wakalaryň ençemesi bolup geçdi. 23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Kerki halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabat şäherinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralary boldy. Bir hepdäniň dowamynda welaýatyň ýaşaýjylarynyň öňünde medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler, täze operanyň, sahna eseriniň, kinofilmiň ilkinji gezek görkezilişi boldy, döredijilik duşuşyklary, brifing, usuly maslahatlar geçirildi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar. Medeniýet we sungat işgärleri bir-birleri bilen tejribe alyşdylar.
Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy, şonuň ýaly-da, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Onda Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenmesi kabul edildi.