Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanda şu hepdede howanyň gyzmagyna garaşylýar

Jun 28, 2021

 Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny dykgatyňyza ýetirýär.

Balkan welaýatynda az bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21… +26 gradusdan +27… +32 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +39… +44 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +35… +40 gradus yssy bolar.

Ahal welaýatynda az bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21… +26 gradusdan +25… +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35… +40 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19… +24 gradusdan +23… +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35… +40 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19… +24 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35… +40 gradusdan +38… +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20… +25 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36… +41 gradusdan +39… +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda az bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 9 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23… +25 gradusdan +27… +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38… +40 gradusdan +40… +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Adblock
detector