Internet ― «Türkmentelekomyň» täze hyzmaty

Indi Türkmenistanda ýurduň çägindäki Internet torlaryna ýokary tizlikde birikmäge bolan mümkinçilikler artdyryldy. Muny «Intranet» hyzmatynyň üsti bilen amala aşyryp bolýar.
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan hödürlenilýän bu täze hyzmat Internete birikdirilmesizden hem işleýär. Bu hyzmat edara-kärhanalar üçin hödürlenilýär. Çünki ýokary tizlikli içki tor olarda maglumatlary geçirmek üçin bahasyz mümkinçilikleri bagyşlaýar.
Ýeri gelende, «Türkmentelekomyň» hyzmatlarynyň geriminiň barha giňeýändigini aýtmak gerek. Bu hyzmatlaryň her biri barada kompaniýanyň resmi saýtynda maglumat berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply

Adblock
detector