JEMGYÝETYKDYSADYÝET

Balyk hojalygy döredilýär

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat şahamçasy tarapyndan telekeçi Imamkuly Babakulyýewe uzak möhletleýin karz serişdeleri berildi.
Ol Çärjew etrabynyň Jora Narmämmedow adyndaky tokaý hojalygynyň çäginde 10 gektar ýerde balyk ýetişdirmek üçin howuzlary gurmagy, 5 gektar ýerde bolsa ot-iým ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär. Hususyýetçi bu ýerde sazan, karp, losos, osetra, forel ýaly balyklaryň her ýylda 30 tonnasyny ýetişdirmegi göz öňünde tutýar. Telekeçi ýyllyk 5 göterim ýeňillik bilen 60 aý möhlete alan karz serişdeleriniň hasabyna eýýäm meýilleşdiren işlerini durmuşa geçirip başlady.
Welaýatda ýeňillikli karz serişdelerinden peýdalanyp, balykçylyk hojalygy bilen meşgullanmagy meýilleşdirýän hususy taraplar ýene-de bar. «Halkbankyň» welaýat şahamçasy olar bilen gepleşikleri alyp barýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply