Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Yslam Eýran Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň nobatdaky wideoşekilli duşuşygy geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň «Report» saýtyna salgylanmak bilen, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.
Taraplar «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» (Aşgabat ylalaşygy) ugry boýunça synag otlusyny geçirip görmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen ýük otlularyny geçirmegi ýönekeýleşdirmek meselelerinde özara düşünişme gazanyldy.
Şonuň ýaly-da, taraplar Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýol gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 2020-nji ýylyň 21-nji maýyndaky duşuşygynyň protokolynyň ýerine ýetirilişine seretdiler.
«Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ugry boýunça otly geçer

10
May