YLYM WE TEHNIKA

Indi islendik dam Marsa wirtual syýahat edip biler

«NASA»-da «Perseverance bilen aýlanyp gör» diýen interaktiw hyzmaty ýola goýuldy. Onuň kömegi bilen Marsy adybir marsda ýöreýäniňki ýaly ýaly görmek bolýar, diýip «mail.ru» ýazýar.

Häzir «Perseverance» Jezero kraterini (wulkanyň suwuk madda çykýan agzyny) öwrenýär. Ol ýerini surata düşürýär. Alymlar ähli suratlary birleşdirdiler we krateriň üç ölçegli wirtual nusgasyny döretdiler. Hyzmatda peýdalanyjy marsda ýöreýäniň baran ýerini we töweregini görüp bilýär. Ýakynlaşdyrmak bilen bolsa, ony has takyk öwrenip biler.

Onuň bilen bir wagtyň özünde «Perseverance nirede?» diýen hyzmat hem işläp başlady. Ol marsda ýöreýäniň we «Ingenuity Mars», dikuçarynyň Gyzyl saýýarany öwrenip ýören wagty nirededigini görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: