YLYM WE TEHNIKA

«Aýdyň gijeleriň» urga çydamly planşetleri öndürýär

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek urga çydamly «Aýtab» söwda nyşanly 8 we 10 inçlik (8 (10) x 2,54) urga çydamly gara we ak reňkli dalykly planşetleriň 2,5 müň sanysyny öndürdi, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Sensor ekranly elektron gurluşda Wi-Fi birikmek mümkinçiligi, ýokary takyklykly ses we kamera ulgamy, güýçli işleýiş ulgam, amatly we mäkäm daşy göz öňünde tutulypdyr. Tanymal kärhananyň täze önümi daşary ýurt önümlerinden kem däl, ýöne olardan esli arzan.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hödürleýän täze önümleriniň arasynda Android 9.1. OU esasynda ýasalan «Milli» at bilen ýurdumyzda ilkinji gezek öndürilen smartfon-da bar. Smartfonda Wi-Fi birikmek mümkinçiligi we häzirki zaman enjamlarynyň beýleki aýratynlyklary — güýçli prosessor, ýokary derejede dury kamera, mäkäm we sypaýy daş görnüş göz öňünde tutulypdyr. Smartfonyň ekranynyň diagonallaýyn ölçegi 6,3 inç, ol 2 MP/5 MP kamera we 8 Gb-lyk içinde oturdylan hemişelik ýady bilen üpjün edilen, operatiw ýady bolsa 1 Gb. «Milli» smartfonda iki simkart ýerleşdirmek bolýar.