Lebap welaýatynda gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalar taýýarlanylýar
Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki kärhanalarynda gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalaryň hemmesini diýen ýaly taýýarlyk hatarynda goýdular.
Ýerleri sürmek, tekizlemek, we beýleki agrotehniki çäreleri geçirmek üçin sürüm traktorlarynyň 370-si ulanylar. Ýerleri ekişe taýýarlamak bilen bir hatarda etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda, hojalyklaryň merkezleşdirilen ussahanalarynda jogapkärli möwsümde ulanyljak oba hojalyk gurallarynyň beýleki görnüşleri hem abatlanyldy. Netijede ýer tekizleýjileriň, geriş çekijileriň hyzmatyndan wagtynda peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Dişli boronalar, malalar, çizeller hem taýýar edildi. Sürümden soňky agrotehniki çäreleri geçirmek üçin niýetlenen geriş çekijileriň 55-sinden, çuň ýumşadyjylaryň 80-den gowragyndan, dişli boronalaryň 7770-e ýakynyndan, malalaryň 545-sinden peýdalanmak göz öňünde tutulýar.