SPORT WE SYÝAHAT

2022-nji ýylda geçiriljek gyşky Olimpiadanyň şygary mälim boldy

Gyşky Olimpiada—2022-niň guramaçylary onuň şygary bilen tanyşdyrdylar — «Umumy geljegiň hatyrasyna bilelikde» (Together For A Shared Future). Bu barada «mail.ru» habar berýär.

Pekin—2022-nji guramaçylyk komitetinde «Bilelikde» diýen sözüň kynçylyklara sezewar bolanda adamzadyň nähili güýçli bolýandygyny aňladýar we olary ýeňip geçmegiň ýollaryny görkezýär; «Umumy geljegiň hatyrasyna» bolsa gowy durmuşy görmegi beýan edýär we umyt hem-de ynam berýär, diýip belleýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: