DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Twitter» RF-niň kazyýeti tarapyndan bellenilen ýekeje jerimesini hem tölemedi

«Ýylyň başyndan bäri «Twitter» bellenilen jerimeleriň birini hem tölemedi. Häzir 8,9 million rubl jerimäni almak baradaky karar güýjüne girdi. Ony mejbury ýagdaýda almak üçin materiallar kazyýet pristawlarynyň gullugyna iberildi», diýip, Moskwanyň Tagan kazyýetinde «ТАСС»-a habar berdiler.

Ozal kazyýetde «Twitter»-e salnan jerimeleriň umumy mukdarynyň 45 million rubl töweregi bolandygyny habar beripdiler. Onuň köp bölegi babatynda kararlar entek güýjüne girmändir.

Kazyýetiň metbugat gullugynda «Tiktok» we «Google» kompaniýalarynyň salnan jerimeleri bölekleýin töländiklerini hem aýtdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: