DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Iň köp gazanýan tälimçiler belli boldy

«L’Equipe» neşiri dünýäde iň köp hak alýan tälimçiler baradaky maglumatlary çap etdi.

Oňa görä, «Atletiko Madridiň» baş tälimçisi Diego Simeone ýylda 29,8 million funt zähmet haky bilen birinji ýeri eýeleýär. Ikinji orny bolsa, «Mançester Sitiden» ýylda 19,7 million funt gazanýan Hosep Gwardiola eýeleýär.  Ýyllyk 15,7 million funt sterling zähmet haky  bilen «Liwerpulyň» baş tälimçisi Ýurgen Klopp ilkinji üçlige girdi.

Şeýle hem ilkinji bäşlige «Çelsiniň» baş  tämilçisi Grem Potter (ýylda 11,8 million funt) we «Ýuwentusyň» tälimçisi Massimiliano Allegri (ýylda 11,29 million funt) girýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: