DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Gülgüne göwher satlyga çykaryldy

Nýu-Ýorkdaky «Sotheby’s» auksionynda gymmat, açyk gülgüne, üýtgeşik göwher satuwa çykaryldy.

«Korrespondent.net» neşriniň habaryna görä, göwheriň başlangyç bahasy 35 million ABŞ dollarydyr. Agramy takmynan 10.57 karata deň.

Amerikadaky «Sotheby» şaý-sepler kompaniýasynyň başlygy Kwig Berningiň sözlerine görä, baky gülgüne (göwher şeýle atlandyrylýar) taryhdaky iň möhüm göwherleriň hatarynda bolmaly.

Häzirki wagtda göwher Gonkongda saklanýar. Soň bolsa Dubaýa, Singapura, Ženewa we Nýu-Ýorka iberiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: