DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Gyz perzende 138 ýyl garaşdylar

ABŞ-daky bir maşgala geň galdyryjy wakany başdan geçirdi we begençden näme etjegini bilenokdy. Maşgaladaky iň soňky gyz 1885-nji ýylda doglupdy we şondan soň maşgalanyň hiç bir agzasynda gyz perzent dünýä inmändi. 2023-nji ýyl bu maşgala üçin garaşylmadyk ýyl boldy we 138 ýyllyk dymyşlyk bozuldy.

ABŞ-nyň Miçigan ştatynda ýaşaýan maşgalada iň soňky gyz perzendi 1885-nji ýylda dünýä inen Klarklar maşgalasynyň wekili Andrew Klarkyň gyzy boldy. 138 ýyldan soň maşgala gelen bäbejige Mariýe diýip at goýdular.

ABŞ-nyň metbugatyna beren gürrüňinde ejesi Karolin Klark tanyşanlarynda adamsy Andrew oňa, 1885-nji ýyldan başlap, öňki nesilinden şu güne çenli hemmesinde erkek bäbegiň bolandygyny we gyzlarynyň bolmajakdygyny aýdanda, özüniň başda muňa ynanyp bilmändigini bildirdi. Gaýynatasy bilen söhbetdeşlik geçiren Karolin 1885-nji ýyldan başlap, maşgalada doglanlaryň hemmesiniň dogluş şahadatnamalaryny görkezendigini aýtdy.

Beýleki bir tarapdan, kakasy Andrew Klark daýylarynyň gyzlarynyň bardygyny, ýöne 1885-nji ýyldan başlap, beýik atalaryndan özüne çenli gelýän nesilinde hiç kimiň gyzynyň ýokdugyny aýtdy. Ilkinji perzende oglanjyk bolanda bu ýagdaýa birneme ynanýandygyny mälim eden eje Karolin Klark ikinji çaganyň jynsyny geçen ýylyň oktýabr aýynda bir oturylyşykda maşgala yglan edendigini, gyz bäbekdigini gören hemme kişiniň bolsa begençden aglandygyny aýtdy.

Gyzjagaz 17-nji martda doguldy we 138 ýyldan soň maşgala gelen ilkinji gyz perzent boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: