BILIM

Çagalar baglarynyň iň göreldeli müdiri we terbiýeçi-usulçysy saýlanyldy

Türkmenabat şäherindäki 24-nji çagalar bagynyň müdiri Kümüş Sultanowa Lebap welaýaty boýunça «Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri» diýlip yglan edildi. «Iň göreldeli terbiýeçi-usulçy» diýen dereje bolsa Çärjew etrabyndaky 24-nji çagalar bagynyň usulçy-terbiýeçisi Altynaý Mustakowa berildi.

Ýeňijiler Türkmenabat şäherindäki 51-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda yglan edildi.

Oňa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan bilim işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşanlar çagalar baglarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň gidişini, göreldeli sapaklary, körpeleriň arasynda geçirilen bäsleşikleri we olaryň ýeňijilerini, iň döwrebap topar otaglaryny wideoşekilleriň üsti bilen görkezdiler. Şeýle-de bilim işgärleri sowallara jogap berdiler.

Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: