BIZE YAZYARLAR

Türkmenistanda ýene bir döwrebap oba gurlar

Ýakyn geljekde Türkmenistanda ýene bir nusgalyk oba peýda bolar. Metbugat sahypalarynda habar berlişi ýaly, bu döwrebap oba Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde gurlar.

Täze obada bir gaty, dört otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 32-sini gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem 260 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, geňeşligiň, polisiýanyň, ýangyn söndüriji gullugynyň binasy, 200 orunlyk medeniýet öýi we seýilbag oba ýaşaýjylarynyň ygtyýarynda bolar.

Şeýle hem suw geçirjisi, gaz geçirijisi, lagym ulgamy we tok geçirjileri gurnalar, içerki we uly ýollar çekiler, agyz suwuny süýjetmek boýunça bina, lagym arassalaýjy desgalar gurlar.

Welaýat häkimligi metbugatda täze obany gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi.  Gurluşyk guramalary we hususy kärhanalar inženerçilik torlarynyň çekilmegi ýa-da medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy boýunça ýüz tutmalary tabşyryp bilerler.

Myrat ALYMOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: