BILIM

Ilkinji sapak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy

Türkmenistanda, şol sanda, Lebap welaýatynda hem üstümizdäki okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy. 

Şanly ýyl bilen adybir sapagyň dowamynda mugallymlar okuwçylara 2024-nji ýylyň mynasyp adynyň ähmiýeti dogrusynda düşünje berdiler we olar bilen pikir alyşdylar.

Okuw ýylynyň ikinji ýarymy dürli bäsleşiklere baý. Mekdep okuwçylary şol bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýeňişleri bilen bezejekdigine ynanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: