MEDENIÝET

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Halypa ýazyjy-şahyrlar bilen çeper döredijilige gol beren ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşyk akyldar şahyryň ömri we döredijiligine, türkmen edebiýatynyň taryhyna, şygryýetiň inçe ýollaryna bagyşlandy. Şeýle-de halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy, ýaşlaryň kitaba bolan höwesiniň artmagy we Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlarynyň, çuň many-mazmunly şygryýet äleminiň ylmy esasda öwrenilmegi babatda alnyp barylýan işleriň oňyn netijesi baradaky çykyşlar duşuşygyň esasy mazmunyny düzdi. 

Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde bilelikde bellemeklige taýýarlyk görülýän günlerde ýaşlaryň göwünlerine beslän maksatlary, döredijilik gözlegleri barada hem pikir alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda halypa ýazyjy-şahyrlar ýaşlary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: