MEDENIÝET

Hojambazda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hojambaz etrap birleşmesinde «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ― kalbymyzyň ganaty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu çäre 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy.

Wagyz-nesihat çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden, bilim işgärlerinden daşary etrapda ýaşaýan döredijilik wekilleri hem çagyryldy. Ýaşlaryň we uly ýaşly zähmetkeşleriň arasynda geçirilen çärede çykyş edenler üstümizdäki ýylyň adynyň ildeşlerimizi uly jogapkärçilige borçlandyrýandygyna aýratyn ünsi çekdiler. 

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri ýaly hümmetli ýyla öwürmäge goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr. Munuň üçin her kimiň öz ornunda ähli yhlasyny, ukybyny belent maksatlara bagyşlamagy gerek. 

Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar hut şu ýörelgä eýerjekdiklerine, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny iň bir şanly ýyllaryň birine öwürmek üçin yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: