BILIM

Türkmenabatdaky mekdebe ÝUNESKO-nyň şahadatnamasy gowşuryldy

Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde ýurduň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi mynasybetli halkara şahadatnamalaryň gowşuryş dabarasy geçirildi.

Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebi hem bar. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, şahadatnamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gowşurdy.

Mälim bolşy ýaly, «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslama 1953-nji ýylda badalga aldy. Ol tutuş dünýäniň bilim edaralaryny umumy maksadyň – parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: