BIZE YAZYARLAR

Ilkinji elektrik ütügi

Islendik zadyň haçan we nädip dörändigi ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Eýsem, biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan enjamymyz bolan ütük nädip döredikä? Geliň, bu barada tanyşalyň!

Gadymy döwürlerde adamlar ütügiň ornuna uly ýasy daşy ulanypdyrlar. Daş çyg geýimiň üstünde goýlupdyr we daşyň agramyna geýimiň ýygyrtlary ýazylypdyr. Mundan başga-da sajyň içine gyzgyn kömri guýup, eşigiň ütüklenen halatlary bolupdyr. Ilkinji elektrik ütügi bolsa 1882-nji ýylyň 6-njy iýunynda amerikaly oýlap tapyjy Genri Sili tarapyndan döredilýär. Agramy 7 kilograma golaý bolan bu ütügi gyzdyrmak üçin köp garaşmaly bolupdyr. Şondan 10  ýyldan soňra «General Electric» hem-de «Сrompton & Сo» şereketleri burum-burum simli ütügi köpçülige hödürleýärler. Soňky ýyllarda ütüge gyzdyryjylyk derejesini sazlaýjynyň oturdylmagy, çoýun düýbüniň aýna keramika we nikel bilen çalşyrylmagy ony has kämilleşdirdi. Biziň günlerimizde bolsa ütügiň içine suw guýulýan görnüşleri bolup, olar ýygyrtlary bug bilen ýazmaga ýardam edýär. Ütükler öý hojalygynda, şeýle-de tikinçilik önümçiliginde tapylgysyz gural hökmünde giňden ulanylýar. 

Güljan Borjakowa,

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: