BIZE YAZYARLAR

Bilimli ýaşlar – Watanyň kuwwatydyr

Milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri halkymyzy ruhlandyrýar, geljegimiziň ýagty hem-de nurana, ertelerimiziň eşretli boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. Çünki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ylmy-bilimi täze basgançaklara çykarylyp, uly ösüşlere ýetilýär. Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ägirt uly ösüşlere ýetmegi başardy. Ykdysadyýeti dolandyrmak üçin islendik pudakda dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, şu günki ýaşlar iň häzirkizaman tehnologiýalardan we ylymdan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmelidirler. Hut şeýle ýaşlar  Watanymyzyň geljegidir we kuwwatydyr. Döwrüň özgerýän, innowasion tehnologiýalaryň we has kämil ugurlaryň her bir ulgama işjeň ornaşdyrylýan döwründe orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda  hem okatmagyň kämil usullaryndan ýerlikli peýdalanylýandygy, olaryň gowy netijeleri berýändigi örän guwandyryjydyr. Munuň şeýledigine yzygiderli geçirilýän okuw çärelerimiziň netijeleriniň barha gowulanýandygynda hem anyk göz ýetirýäris.

Biz – mugallymlar talyp ýaşlar  bilen geçýän sapaklarymyzy dürli faktlara, mysallara ýüzlenmek arkaly alyp barýarys. Mundan başga-da talyplarymyz  bilen gözel tebigatymyza, öz ugrumyza degişli önümçilik kärhanalaryna gezelençleri guraýarys. Bu bolsa bilim ulgamynda kämilleşýän ýaşlaryň aňyýetiniň, gözýetiminiň has-da giňelmegine itergi berýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylan ösüşler, belent sepgitler hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna baş bolmagynda gazanyldy.

Türkmen halkyny baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň gije-gündiz çekýän aladalary üçin mekdebimiziň ähli bilim işgärleriniň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň alyp barýan il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara, üstünliklere beslensin!

Bagtyýar Haknazarow,

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: