JEMGYÝET

Hytaý Orta Aziýanyň hünärmenleri üçin bilim kwotalaryny berer

HHR-niň Başlygy Si Szinpin Orta Aziýa ýurtlaryna muzdsuz ykdysady kömek bermäge söz berýär. Bu meýilnamany amala aşyrmak üçin Hytaýyň hökümeti 500 million dollar goýberýär. Hytaýyň lideri bölünip berilýän serişdeleriň «durmuşy ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak üçin» niýetlenilýändigini belledi. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

Pul kömegi bilen bilelikde Si Szinpin Orta Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleriniň bäş müňi üçin bilim kwotalaryny bölüp berer. Bu kömek garyplygy azaltmaga we ýaşaýjylaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, şonuň ýaly-da ähmiýetli ugurlarda — saglygy goraýyşda we habarlar tehnologiýalarynda — hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga kömek eder diýilip garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: