BIZE YAZYARLAR

Watan mukaddesligi

Watan diýen söz biziň üçin süýji tagam. Ynsan öz pikirini beýan etmegi üçin dogduk mekanynyň gujagynda öwrenen sözlerine şirin aýdymlary döredýär. Ol ody sönmän baky alowlap duran ojak, ýakymly aýdym, şirin saz, edil ene dili, taryhyň ýaňy ýaly eziz düşünje.

Bu sözde daglaryň gudraty, toparagyň bereketi bar. Ol tamdyrdan täze çykarylan, üýtgeşik ysy bilen ýüregiňi dokundyrýan, ýalpyldap duran mele-myssyk nan ýaly mukaddes. Watan bu bir daragtyň köküdir. Bu ýurda köküni uranlar, onuň topragyna hormat goýanlar şu ýeriň dilini, urp-adatyny kalbyna siňdirýär. Bizi gögertdirjek, ýaşatjak toprak şu ýerde. Biz bu topragyň ysyny başga hiç bir ýerden tapyp bilmeris. Çünki Watan hemişe biziň ýüregimizde ýaşaýar.

Watanyň ornuny hem hiç bir zat tutup bilmez. Bu  toprakda gül-çeçekler ösüýär, baglar miwe getirýär. Watan diýlen mukaddes sözi aýdanymyzda ýüregimizdedir.

Watanyň duzy-da ene süýdi mysalydyr.

Şol mukaddeslik biziň üçin iň uly hyjuw, ruh hem-de güýç-kuwwat çeşmesidir.

Watan beýikligi – ýüreklerimizdedir. Biz öz ellerimiz, aňymyz we ýüregimiz bilen Watanymyzy bina edýäris. Bu binanyň kem-köstsüz bolmagyny islesek, elimiziň, aňymyzyň we ýüregimiziň işi kämil we owadan bolmalydyr.

Sumbar Mamedbaýewa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: