YKDYSADYÝET

Iki daýhan birleşigi pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdi

«Türkmen gündogary» gazeti Çärjew etrabyň Jumaguly Hekimow adyndaky we «Azatlyk» daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleriniň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri barada habar berýär.

Arzyly sepgide abraý bilen ýetilende, Watan Jumaguly Hekimow adyndaky daýhan birleşiginden 4221 tonna, «Azatlyk» daýhan birleşiginden bolsa 3584 tonna «ak altyny» kabul etdi. Etrabyň ussat pagtaçylary hem 61,6 müň tonnalyk sepgide alkymlap geldiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: