SPORT WE SYÝAHAT

Dewisiň Kubogyny almak ugrundaky zolak ýaryşynda türkmen tennisçileriniň mümkinçilikleri artýar

Türkmen tennisçileri 12 toparyň gatnaşmagynda Isa Town (Bahreýn) şäherinde geçirilýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Dewis Kubogynyň «playoff» tapgyryň oýunlaryna ýetdiler. Olar bu ajaýyp üstünligi ýaryşyň toparlaýyn tapgyry tamamlanmanka, bir tapgyr öňünden gazandylar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Ildeşlerimiziň çykyş edýän «B» toparynyň ikinji günündäki oýunlaryň netijesini Yrak bilen Omanyň toparlarynyň duşuşygy açdy. Ýaryşyň başynda watandaşlarymyz 3:0 hasabynda utulan Yrak döwletiň türgenleri Omanyň tennisçilerini hut şunuň ýaly hasap bilen utdular. Şeýlelikde, Mongoliýanyň ýygyndy topary bilen boljak oýundan öň Türkmenistanyň toparyna «playoff» tapgyryna wagtyndan öň çykmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredi.

Toparlaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Omanyň topary bilen oýnamaly, şondan soň «playoff» tapgyryň oýunlary geçriler.

«Playoff» tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy üç topar geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda oýnamaga hukuk gazanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: