Hytaýyň Kunmin şäherinde partlama arkaly köp gatly jaýlaryň 15-sini ýykdylar
Hytaýyň Kunmin şäherinde öňünden meýilleşdirilen partlama arkaly gurluşygy tamamlanmadyk köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 15-sini ýykdylar. Bu barada «mail.ru» habar berýär.
«Liyang Star City» ýaşaýyş jaýlarynyň toplumynyň gurluşygy 2014-nji ýylda togtadylypdy we 7 ýyllap durdy. Şu aralykda onuň podwallary ýagyş suwundan doldy, diwarlarynda bolsa jaýryklar emele geldi we beýleki kemçilikler ýüze çykyp başlady. Gurluşygy tamamlanmadyk ýaşaýyş jaýlarynyň toplumy ulanmaga ýaramsyz diýlip yglan edildi.