Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

BAŞ MAKSAT — EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY

Aug 30, 2021

«Bereketli toprak» gazetiniň ýazmagyna görä, Hazar ekologiýa gözegçilik gullugy tarapyndan Hazar deňzinde we onuň kenarýakalarynda tebigy daşky gurşawy arassa saklamakda hem-de deňiz baýlyklaryny rejeli peýdalanmakda uly işler alnyp barylýar.

Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagynyň günbatar tarapynda emeli ada meýdançasynyň gurulmagy kenarýaka ýaýlalarynda ekologiýa meselesini oňaýly çözmekde uly ähmiýete eýe boldy. Adada eýýäm ýylgyn, akbaş, adaty ýata, şoratan, selme we beýleki birnäçe görnüşli ösümlikler duş gelýär. Adanyň çäklerinde gury ýer guşlaryndan ak guýrugy, suw bürgüdini, ak we batga gulatysyny, serçe şekilliler toparynyň 10-a golaý görnüşini görmek bolýar.

Adblock
detector