Amazonkada robotlar tohum ekýär
Uzak ýyllaryň dowamynda ýerasty magdanlaryň köp möçberde gazylyp alynmagy dünýäniň iň uly tokaýy hasaplanylýan Amazonkanyň ep-esli böleginiň hatardan çykmagyna sebäp boldy.
Şol ýerlerde täze tokaýlary döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak maksady bilen Peru döwletinde robotlaryň kömeginden peýdalanylyp başlanyldy.
Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylan, uzak aralykdan dolandyrylýan bu robotlaryň kömegi bilen bir günüň dowamynda tokaý agaçlarynyň 600-e golaý tohumy ekilýär. Bu bolsa futbol meýdançalarynyň ikisiniň tutýan meýdany ýaly ýeri tokaýlyga öwürmäge mümkinçilik berýär.
Şonuň ýaly-da bu möhüm jemgyýetçilik işine ýerli ýaşaýjylar, tokaý hojalygynyň işgärleri ýakyndan gatnaşýarlar.