JEMGYÝET

Hytaýda «ýumurtga çykarýan» gaýa bar

Hytaýyň Guýçžou welaýatynda ýerleşýän Gandeng dagynda Çan Da Ýa diýen täsin gaýa bar. Ol her otuz ýylda bir gezek süýnmek we tegelek «ýumurtga» çykarýar, diýip, «rambler.ru» ýazýar.

Şeýle «ýumurtgalaryň» agramy 300 kilograma çenli ýetýär. Olar sary, gara, goýy gök, goňur, goýy gyzyl we çal reňklerde çykýarlar. «Ýumurtgalar» otuz ýylyň dowamynda dag jynsyndan haýallyk bilen bölünip aýrylýarlar.

Alymlar bu täsin hadysanyň näme bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Gep Çan Da Ýa gaýasynyň ýeňil ýumşak hek jynslardan durýandygynda eken. Gandeng dagy bolsa gaty jynslardan durýar. «Ýumurtgalar» gaty jynslardan emele gelip, ýumşak hekiň arasyndan çykýar ekenler. Ýöne «ýumurtgalaryň» nädip şeýle görnüşde emele gelýändigini we 500 million ýylyň içinde hek böleginiň nädip saklanyp galandygyny welin, entek düşündirip bilmeýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: