YLYM WE TEHNIKA

Daşarky seslerden goraýan gulaklyk bar

Daşky gurşaw boýunça Ýewropa agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, ulaglaryň sesleri ýewropalylaryň saglygynyň ýaramazlaşmagyna täsir etmekde ikinji orunda durýar. Birinji orun howanyň hapalygyna degişli.

Metronyň wagonlarynyň şakyrdysyny, awtobuslaryň jygyldysyny ýa-da uçarda çaganyň aglaýşyny peseltmäge gulaklyk kömek eder. Ykjam TWS-garnituralaryň arasynda «Sony WF-1000XM4» gulaklygyň güýçli ses basyjysy bar, diýip «mail.ru» ýazýar.

Onuň ses geçer ýaly açyk ýeri ýok. «V1» prosessory çatylandan soň bolsa, gelýän sesleri işleýär we galmagaly basýar. Netijede daşdan gelýän sesler eşidilmeýär, onsoň arkaýyn saz diňläbermeli.

6 millimetrli dinamigi «Sony WF-1000XM4» özüniň sesini gowy çykarmaga mümkinçilik berýär.

«Sony WF-1000XM4» gulaklygyň bir zarýady 8 sagat saz diňlemäge, 5,5 sagat telefonda gepleşmäge ýetýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: