Orsýede gidesiň gelýärmi? Onda surat bäsleşigine gatnaş
Türkmenistanlylar «Ejeler we çagalar mili eşikde» atly etno surat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada «turkmenportal» habar berýär.
Gatnaşmaga isleg bildirýänler 1-nji sentýabra çenli Russiýa Federasiýasynyň, GDA ýurtlarynyň we daşary ýurtlaryň halklarynyň milli eşiginde düşürilen suratyny ibermeli. Guramaçylar oňa gatnaşmak üçin ýaş çäginiň ýokdugyny, oňa çagalaryň, şonuň ýaly-da, kakalaryň, mamalaryň, babalaryň we beýlekileriň gatnaşyp bilýändigini belleýärler.
Eminleriň düzümine Türkmenistandan meşhur dizaýner we binagär Şeker Akynyýazowa girýär. Türkmenistanyň ýaşaýjylary onuň: asheker@mail.ru или на сайт www.ethno-photo.com/? page_id=32 salgysyna suratlary iberip bilerler.
Gaýybana saýlamak arkaly (15-nji sentýabrda) finala çykanlaryň 150 işi saýlanylyp alnar. Olar baradaky maglumatlar rus we iňlis dillerinde kataloga giriziler.
20 ýeňijini 2021-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Moskwada (Russiýa) guraljak surat sergisinde sylaglarlar.
Bäsleşigiň esasy maksady globalizasiýanyň depgininiň güýçlenýän şertlerinde halklaryň etno medeniýetiniň dürlüligini saklap galmakdan we ösdürmekden, şonuň maşgala gymmatlyklaryny berkitmekden ybaratdyr.