MEDENIÝET

Magtymgulynyň hala çitilen ilkinji portreti hususy kolleksiýada saklanylýar

Türkmenistanyň nakgaşlar birleşiginiň agzasy Ogulbaýram Kulyýewanyň öýünde Magtymguly Pyragynyň hala çitilen portreti saklanylýar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Ol ony mundan kyrk ýyl töweregi ozal dokapdyr. Ol şahyryň hala çitilen ilkinji portretidir. 1983-nji ýylda Ogulbaýram haly nakgaşy Juma Rejebowa ýüz tutupdyr. Şondan soň Juma Rejebow boýy 1 metr 40 sm, ini 90 sm halynyň eskizini taýýarlapdyr. Halyda şahyryň keşbini bermek üçin ýüplükleriň 38 görnüşi gertk bolupdyr.

Ol beýik şahyryň haýsy goşgusyny almalydygy barada maslahatlaşmak üçin şol döwrüň tanymal terjimeçisi Wadim Sergeýewe ýüz tutdy. Geljekki portretde şahyr goşgy ýazyp oturan şekilde beýan edilýärdi. Wadim Sergeýew diňe bir goşgy saýlamaga kömek etmän, eýsem onuň meşhur «Daň atmazdan burun» goşgusyny arap elipbisine-de geçiripdir.