Lebapda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew ― müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, geňeşleriň arçynlary, talyp ýaşlar hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan gelen alymlar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş eden ýaşulular, eneler, alymlar, döredijilik, kitaphana we bilim işgärleri, şeýle-de ýaş nesliň wekilleri täze dürdäne eseri dünýä okyjylaryna sowgat berendigi üçin döwlet Baştutanynyň adyna alkyş aýtdylar.
Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan guralan sergi hem ýaýbaňlandyryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.