JEMGYÝET

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri taýýarlanylýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly ylmy-tehniki maslahat geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Onda çykyş edenler Gyzyl kitabyň nobatdaky neşirine girizilmäge teklip edilen jandarlar we ösümlikler barada öz pikirlerini beýan etdiler. Bu goraghananyň we Kelif çäkli goraghanasynyň çäklerinde mesgen tutan hem-de san taýdan azalmak howpy abanýan jandarlary gorap saklamak goraghanalaryň işiniň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň häzirki döwürde taýýarlanylýan 4-nji neşirinde goralmaga degişli jandarlaryň we ösümlikleriň sanawynda beýan ediljek maglumatlar uzak ýyllaryň tejribesine esaslanýar. Goraghananyň işgärleri häzirki wagtda alyp barýan ylmy-barlag işlerini çuňlaşdyrýarlar, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak hem-de goramak üçin ähli tagallalary edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: