JEMGYÝET

Tokaý jandarlarynyň aladasy edilýär

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda tokaý jandarlaryny gyşyň kynçylykly şertlerinden halas etmek maksady bilen, bededir gaty baldakly otlaryň 35 tonnasyny taýýar edildi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär. 

Häzirki wagtda bolsa bu ýerde ýokumly iýmiň 4,5 tonnasyny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ot-iýmleri howanyň aşa sowan döwründe tokaýlarda haýwanlaryň köp gezim edýän ýerlerinde gurnalan telärlerde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.  Bu babatda geçen ýyllarda hem oňyn tejribe toplanyldy.

Şeýle möhüm işler bilen birlikde häzirki günlerde goraghanadaky ýabany haýwanlaryň ýyllyk sanawy ýöredilýär. Bu işleri takyk alyp barmak üçin soňky ýyllarda goraghananyň işgärleriniň kämil tehniki serişdeler bilen üpjünçiligi has gowulandyryldy. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: